Galaxy Z Fold6, Z Flip6, Galaxy Ring... Samsung 10-njy iýulda täze önümlerini hödürlär

  • 01.07.2024 15:04
  • 3.8k+

Elektron söwda platformasy bolan mobile.nl Samsung-yň 10-njy iýulda Galaxy Unpacked çäresini geçirjekdigini tassyklady diýip, Gizmochina habar berýär.

Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi Galaxy Z Fold6 we Z Flip6 eplenýän smartfonlaryny, Galaxy Ring akylly ýüzügini, Galaxy Watch 7 akylly sagadyny, Galaxy Tab S10 planşetini we Galaxy Buds 3 nauşniklerini öz içine alýan täze önümlerini hödürlär.
Çäräniň şu ýyl tomusky Olimpiýa oýunlaryny geçirjek Pariž şäherinde geçiriljekdigi habar berildi. Samsung 2024-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň resmi hyzmatdaşydyr.
Täze enjamlardan başga-da, Samsung One UI 6.1.1 täzelenmesi bilen Galaxy S24 smartfony üçin täze AI funksiýalaryny hödürläp biler.


06.02.2026 14:14
665

Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy

Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir...

30.01.2026 10:35
1.9k+

Bahasy $2899: Samsung ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold-yň satuwyna başlaýar

Samsung kompaniýasy ABŞ-da üç eplenýän Galaxy Z TriFold smartfonynyň satuwynyň başlanýandygyny mälim etdi. Gurluş 2026-njy ýylyň 30-njy ýanwaryndan başlap 2899 dollar baha bilen satylar. Smartfon doly açylan ýagdaýynda 2160 × 1586 piksel durulygyndaky, 120 Gs täzelenme ýygylygy we 1600 kd/m2 iň ýokary ýagtylygy bolan 10 dýuýmlyk OLED ekrany bilen üpjün edildi...

28.01.2026 15:54
3k+

Samsung satuwa niýetlenmedik Galaxy Z Flip7 Olympic Edition smartfonyny çykardy

Italiýanyň Milan we Kortina-d’Ampesso şäherlerinde geçiriljek 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda türgenler üçin täze gajet taýýarlanyldy, ýöne ol satuwa çykarylmaz. Samsung kompaniýasy diňe Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylar üçin döredilen eplenýän smartfonyň ýörite görnüşini — Galaxy Z Flip7 Olympic Edition modelini görkezdi...

08.01.2026 21:29
2.4k+

Samsung CES 2026 sergisinde 2026-njy ýylyň OLED telewizorlarynyň hataryny görkezdi

Samsung kompaniýasy CES 2026 sergisinde 2026-njy ýylyň OLED telewizorlarynyň hataryny hödürledi. Oňa täzelenen modeller S85H, S90H, S95H we düýbünden täze S99H girdi. Flagman S99H metal karkasy bilen tapawutlanýar...