Pereýra UFC 303-de Prohazkany ýeňip, ýarym agyr agramda UFC-niň çempiony titulyny gorady

  • 01.07.2024 13:24
  • 11k+

Braziliýaly söweşiji Aleks Pereýra UFC 303 ýaryşynyň esasy söweşinde Irži Prohazkadan möhletinden ir üstün çykyp, ýarym agyr agramda UFC-niň çempiony titulyny gorady. Söweş Paradaýzda (Newada ştaty, ABŞ) geçirildi.

36 ýaşly Pereýra ikinji raundyň başynda garşydaşyny nokauta gidirip, ikinji gezek titulyny gorady. Ol birinji goragyny şu ýylyň aprel aýynda amerikaly Jamal Hille garşy geçiripdi, ony birinji raundda nokaut ýagdaýyna düşürdi.
Bu braziliýalynyň Prohazka bilen ikinji söweşi boldy. Öň, Pereýra orta agramda UFC-niň çempionydy. Ýarym agyr agram derejesinde titulyny 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Prohazkany ikinji raundda nokauta gidirip gazandy.
Pereýranyň hasabynda garyşyk başa-baş söweşlerde 11 ýeňiş we iki ýeňliş bar. 31 ýaşly Prohazkanyň hasabynda indi 30 ýeňiş, bäş ýeňliş we bir deňme-deňlik bar.
Belläp geçsek, ilkibaşda UFC 303 ýaryşynyň esasy söweşi Konor Makgregor bilen Maýkl Çendleriň arasyndaky tutluşyk bolmalydy, ýöne bu söweş irlandiýalynyň şikes almagy sebäpli ýatyryldy.


07.06.2026 20:02
7.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......