NASA 2030-njy ýylda Halkara kosmos stansiýasyny orbitadan aýyrmagy SpaceX-e ynandy

  • 28.06.2024 15:41
  • 3.1k+

ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişliginiň barlaglary milli müdirligi  (NASA) Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy bilen kosmos gämisini (ABŞ Deorbit Vehicle) işläp taýýarlamak we gurmak üçin şertnama baglaşdy. Apparat hyzmat möhleti gutarandan soň, Halkara kosmos stansiýasyny (HKS) orbitadan ygtybarly aýyrmak üçin dörediler.

Şertnamanyň bahasy 843 million dollara çenli, ýöne başlangyç-uçuryş çykdajylaryny öz içine almaýar. SpaceX gäminiň işlenip taýýarlanyşyna we gurluşyna jogap berer, NASA bolsa ony tutuş missiýanyň dowamynda dolandyrar.
Meýilnamalaşdyrylyşyna görä, US Deorbit Vehicle HSK bilen biriger, şondan soň iki stansiýa hem orbitadan aýrylyp, Ýeriň atmosferasynda ýok ediler.

"SpaceX agzalan kosmos gämisini işläp taýýarlar, NASA bolsa gurlandan soň ony öz eýeçiligine alar we missiýa wagtynda dolandyrar" – diýip, NASA-da düşündirdiler.

HKS-yň azyndan 2030-njy ýyla çenli hyzmat etmegine garaşylýar. NASA stansiýanyň şu seneden soň hem işlemegini dowam etdirip biljekdigine ynanýar. Bu karar 2030-njy ýyla çenli Axiom, Orbital Reef we Sierra Space ýaly täjirçilik kosmos stansiýalarynyň taslamalarynyň ösüşiniň haýsy tapgyrda boljakdygyna  bagly.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.5k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....

30.05.2026 01:11
1.4k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......