FIFA 2030-njy ýylyň dünýä çempionatynyň finalyny “Santýago Bernabeuda” geçirmek isleýär

  • 27.06.2024 18:17
  • 9.8k+

Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) 2030-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final oýnuny Madridiň “Realynyň” öýi bolan “Santýago Bernabeu” stadionynda geçirmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada “Marca” ispan neşiri habar berýär.

DÇ-2030 Ispaniýanyň, Portugaliýanyň we Marokkonyň bilelikdäki taslamasy bolar. Urugwaý, Argentina we Paragwaý ýaryşyň açylyş oýnuny kabul eder.  Dünýä çempionaty taryhdaky ilkinji dünýä çempionatyndan dogry ýüz ýyl soň geçiriler.
Ýatlap geçsek, häzirki dünýä çempiony 2022-nji ýylyň finalynda Fransiýanyň milli ýygyndysyny utan Argentinanyň milli ýygyndysydyr.
Taryhda 23-nji boljak indiki dünýä çempionaty 2026-njy ýylda ABŞ-da, Meksikada we Kanadada geçiriler. Ýaryşyň final oýny 2026-njy ýylyň 19-njy iýulynda ABŞ-daky “Metlaýf” stadionynda bolar.
DÇ-2030-yň finalynyň geçiriljek ýeri baradaky gutarnykly karar FIFA tarapyndan soňrak kabul ediler.


düýn 13:03
11k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
8.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
5.8k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 09:46
7.7k+

Bu üýtgewsiz düzgüne garşy! FIFA Trampa DÇ-2026-nyň ýeňijisine Dünýä kubogyny gowşurmaga rugsat berer

Halkara futbol federasiýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň islegini ýerine düşürdi we oňa 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň jemleýji sylaglama dabarasynyň üýtgewsiz düzgünini bozmaga rugsat berdi. Bu......