“Ýewroda” 16 ýaşly Ýamal 23:00-dan giç oýnasa, Ispaniýa jerime salnyp bilner

  • 22.06.2024 17:48
  • 13k+

Ýewro-2024-de çykyş edýän Ispaniýanyň milli ýygyndysyna kämillik ýaşyna ýetmedikleriň zähmeti baradaky Germaniýanyň kanunlarynyň bozulandygy üçin jerime salnyp bilner. Munuň sebäbi ýaryşyň taryhynda iň ýaş oýunçy bolan toparyň 16 ýaşly oýunçysy Lamin Ýamaldyr diýip, Nogomania portaly belleýär.

Germaniýanyň kanunyna laýyklykda, 18 ýaşa çenli şahslara 20:00-dan soň işlemek gadagan edilýär, diňe türgenlere 23:00-a çenli zähmet çekmäge rugsat berilýär. Bu hem ispaniýalylar üçin kynçylyk döredýär, sebäbi hatda 21:00-da başlaýan oýunlarda-da bu çäklendirme meseleli bolup galýar, goşmaça wagt goşulan ýa-da penalti tapgyry ýagdaýynda bolsa bu mümkin däl diýen ýaly.
Hukuk meseleleri boýunça hünärmen Ştefan Graf kanunyň bozulmagynyň sport sanksiýalaryna sebäp bolmajakdygyny, ýagny Ýamalyň oýundan çetleşdirilmejekdigini aýtdy. Ýöne Ispaniýa 30 müň ýewro çenli möçberde jerime salnyp bilner. Şeýle-de bolsa, Grafyň pikiriçe, nemes häkimiýetleri ýagdaýyň adatdan daşarydygyny göz öňünde tutup, düzgün bozulmalara göz ýumup bilerler.
Ýewro ýaryşynda ilkinji iki oýunda Ýamal Horwatiýa (ýerli wagt bilen 18:00-da) we Italiýa (21:00-da) garşy meýdança çykdy. Italiýalylar bilen oýunda ony 71-nji minutda çalyşdylar.
“Barselonada” çykyş edýän Ýamal ýakynda geçirilen söhbetdeşlikde mekdepdäki öý işini Ýewro getirendigini, sebäbi Ispaniýada okuw ýylynyň henizem dowam edýändigini aýtdy.


düýn 22:49
3.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.8k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......