Ýewro-2024: Ispaniýa Italiýany utup, pleý-off tapgyra çykdy, C toparyň oýunlarynda deňme-deňlik oýnaldy

  • 21.06.2024 05:27
  • 9.2k+

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji oýnunda Serbiýanyň ýygyndysy Sloweniýa bilen deňme-deň oýnady (1:1). С toparyň Mýunhende geçen duşuşygy dartgynly boldy.

69-njy minutda slowen toparynyň goragçysy Žan Karniçnik hasaby açdy. Serbiýa ikinji ýaryma goşulan goşmaça wagtyň 5-nji minudynda Luka Ýowiçiň tagallalary bilen deňlemegi başardy.
С topardan beýleki duşuşykda Frankfurtda Angliýa Daniýa bilen deňme-deň oýnady - 1:1. Harri Keýn 18-nji minutda Angliýany öňe çykardy, 34-nji minutda bolsa Morten Ýulmann uzakdan urgusy bilen hasaby deňledi.

С toparda Angliýa birinji orny eýeleýär (4 utuk), Sloweniýa - ikinji (2 utuk), Daniýa - üçünji (2 utuk), Serbiýa bolsa (1 utuk) dördünji ýerde ýerleşýär.
B toparda Ispaniýa 1:0 hasap bilen Italiýadan üstün çykdy. 55-nji minutda italýanlardan Rikkardo Kalafori öz derwezesine gol geçirdi. Bu ýeňiş Ispaniýanyň ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykmagyny üpjün etdi.


düýn 14:40
1.1k+

London marafony – 2026 taryhda iň köpçülikleýin marafon boldy: tas 60 müň adam gatnaşdy

2026-njy ýylyň TCS London marafony pellehana ýeten gatnaşyjylaryň sany boýunça rekord goýup, dünýäde iň köpçülikleýin marafon adyny resmi taýdan gaýtaryp aldy....

düýn 09:59
5.4k+

ÇL-iň ýarymfinaly: «PSŽ» bilen «Bawariýa» 9 golly dartgynly oýun görkezdiler

Pariźdäki «Park-de-Prens» stadionynda «PSŽ» we «Bawariýa» jemi dokuz gol urulmagy bilen tamamlanan dartgynly oýun görkezdiler. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji duşuşygy pariźli toparyň......

28.04.2026 16:14
4k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

28.04.2026 14:43
8.4k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....