Hytaýda Toyota Venza 2024 çykdy. Ilkinji müşderilere 3,4 müň dollar bonus berler

  • 19.06.2024 16:54
  • 13k+

GAC Toyota bilelikdäki kärhanasy täze Toyota Venza 2024 krossowerini satuwa çykardy. Awtoulag 10 sany bezeg komplektasiýasynda görkezilýär, olaryň 5-si 2,0 litrlik benzinli hereketlendiriji, galanlary bolsa 2,5 litrlik hereketlendirijiniň esasynda gibrid elektrik güýç gurluşy bilen üpjün edilendir. Ähli tekerleri hereketli görnüşi diňe ýokary derejeli konfigurasiýa üçin elýeterlidir diýip, Autohome ýazýar.

Hytaýda Toyota Venza 2024-iň bahasy 29,5 müň dollardan başlap, 41,4 müň dollara çenli ýokarlanýar. Toyota GAC-yň ilkinji alyjylaryna 25 müň ýuan (takmynan 3,4 müň dollar) bonus hödürleýär.
2024-nji ýyldaky Venza bilen 2023-nji ýylyň modeliniň arasyndaky esasy tapawut bir çipli Qualcomm Snapdragon 8155 platforma esasynda döredilen täze media ulgamydyr. Şonuň ýaly SoC Toyota Avalon-yň we Toyota Highlander-iň maglumat ulgamlarynda ulanylýar.Täze platforma geçmegi interfeýsi has täsirli etdi, ses buýruklarynyň tanalmagyny we ykjam enjamlar bilen özara täsirini gowulandyrdy.
Venza 2024-iň 2,0 litrlik benzinli hereketlendirijisi 171 at güýjüni öndürýär we wariatr bilen jübütlikde işleýär. 2,5 litrlik benzin hereketlendirijiden we elektrik hereketlendirijisinden ybarat gibrid elektrik güýç gurluşynyň kuwwaty 297 at güýjüne deň. Geçiriş - e-CVT elektromehaniki wariator.


düýn 21:54
1.8k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......