Abu-Dabide adaty bolmadyk “ganatly” muzeýiň gurluşygy tamamlanyp barýar

  • 16.06.2024 11:23
  • 14k+

2025-nji ýylda Abu-Dabide şeýh Zaýediň milli muzeýi açylar. Bu geljekki desganyň esasy aýratynlygy - bäş sany ganatly heýkeltaraşlyk eseriniñ diňe bir binany bezemek bilen çäklenmän, eýsem tebigy howa çalşygyny hem üpjün edýändigidir diýip, New Atlas ýazýar.

Foster + Partners kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen bu taslama Emirlikleriň düýbüni tutujy şeýh Zaýediň laçyn awlamaklyga we ýurduň daglyk ýerlerine bolan söýgüsinden ylham aldy. Ganatlar 83 metrden 123 metre çenli beýiklige galyp, gyzgyn howany özüne çekmek bilen, tüsseçykar ýaly hereket edýär.

“Howa galareýalar boýunça, dil tüsseçykardan çykýan ýaly, ýokary galýar. Ganat şekilli diňleriň ýokarsynda yssy howany çykaryjy wentilyasiýa deşikleri açylýar. Arassa howa aşakda tutulyp, ýere gömlen sowadyjy turbalara çekilýär, soňra bolsa  muzeýiň westibýulyna girýär " – diýip, kompaniýanyň işgärleri düşündirdiler.

Muzeýiň içinde gytaklaýyn tebigy yşyk bilen yşyklandyrylan giň atrium bar. Iň ýokarky gatda dört sany kapsula görnüşli galereýa bar, olaryň her biri ganatlaryň biriniň esasyny emele getirýär.
Muzeýiň sergisi BAE-nyň gadymy artefaktlaryndan başlap, häzirki zaman medeniýetine çenli taryhyny öz içine alar. Peýzaž bagynda myhmanlar Şeýh Zaýediň terjimehalynyň möhüm pursatlary bilen tanşyp bilerler.
Şeýh Zaýed milli muzeýi Luwr Abu-Dabi we Berkli Abu Dabi konserwatoriýasy ýaly ýerleri öz içine alýan adybir adadaky Saadiýat sebiti üçin giň gerimli ösüş taslamasynyň bir bölegidir.


şu gün 09:50
2k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

düýn 16:31
4.3k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

düýn 14:41
4.9k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

düýn 00:59
6.8k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......