Hytaý dünýäde awtomobil satuwy boýunça ABŞ-dan öňe geçdi. Ýaponiýa birinjiligi saklaýar

  • 16.06.2024 11:18
  • 15k+

Hytaý awtoöndürijileri ilkinji gezek 2023-nji ýylda global awtomobil satuwy boýunça amerikaly bäsdeşlerinden öňe geçdiler. Bu barada JATO Dynamics britan kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, TASS habar berýär.

Analitikleriň maglumatlary boýunça, hytaý brendleri dünýäde 13,4 mln täze awtomobil satdylar, bu 2022-nji ýyldakydan 23% köpdür. Amerikaly öndürijiler geçen ýyl 11,9 mln awtomobil satdylar (9% ösüş).
Hytaý awtoöndürijileriniň üstünligi Ýakyn Gündogar, Afrika, Latyn Amerikasy we Günorta-Gündogar Aziýa ýaly täze bazarlaryň özleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Hytaý awtomobillerine isleg Ýewropada, Awstraliýada, Täze Zelandiýada we Ysraýylda hem artýar.
Bu üstünlige garamazdan, Ýaponiýa dünýäde awtomobil satuwy boýunça öňdebaryjy bolmagynda galýar. 2023-nji ýylda ýapon awtoöndürijileri 23,6 mln täze awtoulag satdylar.
Şol bir wagtyň özünde, 2023-nji ýylda iň köp satylan awtoulag Tesla Model Y boldy, onuň satuwy 64%, 1,2 mln awtomobile çenli ýokarlandy.


10.05.2026 21:39
3.5k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

06.05.2026 00:12
2.7k+

Xpeng 2027-nji ýylda uçýan awtoulaglary iberip başlamagy meýilleşdirýär

Hytaýyň Xpeng kompaniýasy 2027-nji ýylda uçýan awtoulaglary iberip başlamagy meýilleşdirýär. Öndüriji eýýäm 7000-den gowrak sargyt aldy, olaryň köpüsi Hytaýdan gelip gowşan sargytlar....

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......