“Ýuwentusyň” baş tälimçisi wezipesine Týago Motta bellenildi

  • 14.06.2024 10:55
  • 3.5k+

“Bolonýanyň” öňki baş tälimçisi Týago Motta “Ýuwentusa” halypa bellenildi. Bu barada klubuň metbugat gullugy resmi saýtda habar berýär.

“Men “Ýuwentus” ýaly uly kluba ýolbaşçylyk etmekde täze tejribe toplamaga örän şat. Men gara-ak reňklileriň buýsanjyny gorap saklamak we janköýerleri has begendirmek isleglerime ynanýan ýolbaşçylyga minnetdarlygymy bildirýärin” – diýip, klubuň metbugat gullugy Mottanyň sözlerini getirýär.

41 ýaşly Týago Motta 2018-nji ýylda oýunçy karýerasyny tamamlady. Onuň soňky kluby “PSŽ” boldy. 2018/2019-möwsüminde Motta parižlileriň 19 ýaşa çenli toparyna, 2019-njy ýylyň oktýabr – dekabr aýlarynda Italiýanyň “Jenoa” toparyna, 2021/2022-möwsüminde bolsa “Spesiýa” ýolbaşçylyk etdi. 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda “Bolonýa” tälimçi bellenildi, onuň bilen geçen möwsüm Seriýa A-da indiki Çempionlar ligasy ýaryşyna gatnaşmagy kepillendirýän bäşinji orny eýeledi.


düýn 16:14
3.3k+

Tedesko «Fenerbahçeniň» baş tälimçisi wezipesinden aýryldy

«Fenerbahçe» topary baş tälimçi Domeniko Tedeskonyň wezipesinden aýrylandygyny yglan etdi. Bu barada türk klubunyň metbugat gullugy habar berýär....

düýn 14:43
6.9k+

Dünýä çempionatynyň finalynyň biletleri 2,3 mln dollardan satylýar

FIFA-nyň resmi gaýtadan satuw platformasynda 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygyna dört sany bilet peýda boldy. Olaryň her biriniň bahasy 2,3 million dollara golaýlaýar....

27.04.2026 18:17
8k+

«Interiň» eminli galmagaly üçin Seriýa A-dan çykarylmagy we titullarynyň elinden alynmagy mümkin

Milanyň «Inter» futbol klubuna Seriýa B-ä düşürilmek we gazanan kuboklaryndan mahrum edilmek ýaly berk düzgün-tertip çäreleri garaşýar diýip AGI habar berýär....

27.04.2026 16:45
6.8k+

Salah indi «Liwerpulyň» düzüminde meýdança çykyp bilmez: futbolçy dyzyndan şikes aldy

«Liwerpul» klubunyň hüjümçisi Mohamed Salah Angliýanyň Premýer-ligasynda «Kristal Pelas» toparyna garşy geçirilen oýunda (3:1) alan şikesi sebäpli möwsümiň galan böleginde meýdança çykyp bilmez....