Microsoft korporasiýasy Xbox Games Showcase tanyşdyrylyşyny geçirdi

  • 11.06.2024 15:47
  • 4k+

Microsoft korporasiýasy Xbox Games Showcase tanyşdyrylyşyny geçirip, diňe bir özüniň täze oýunlaryny däl, eýsem üçünji tarap oýun çykaryjy kompaniýalaryň taslamalaryny hem hödürledi. Bu barada Meduza habar berýär.

Tanyşdyrylyş klassyky we innowasion ideýalary utgaşdyryp, oýun muşdaklara ýakyn ýyllar üçin oýunlaryň baý toplumyny sowgat etdi.
Doom: The Dark Ages, id Software studiýasyndan seriýanyň täze bölümi oýunçylary hyýaly orta asyrlara iberer. Oýunçylar diňe bir adaty ýaraglary däl, eýsem dişli galkanlary ulanyp, dowzah nägehanlary bilen söweşip, şeýle-de uly söweş robotlaryny dolandyryp bilerler. Reliziň 2025-nji ýylda bolmagyna garaşylýar.
Call of Duty: Black Ops 6, Activision-dan şuteriň täze bölümi oýunçylary SSSR dargandan soň 1990-njy ýyllaryň başyna getirer. Işläp düzüjiler gyzgalaňly içaly trillerini wada berýärler. Reliz 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabryna meýilleşdirilen.
S.T.A.L.K.E.R. 2: Heart of Chornobyl 2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda çykar. Oýun ukrain dilinde ses beriş we iňlis dilindäki subtitrler bilen treýler hödürledi.

Beýleki anonslaryň arasynda:

  • Gears of War: E-Day: Gears of War-yň Markus bilen Domuň ilkinji duşuşygy barada gürrüň berýän prikweli. Reliziň senesi yglan edilmedi.
  • Fable: soňky bölümi 12 ýyl mundan ozal çykan meşhur seriýanyň täzeden çykarylmagy. Bu oýunlarda oýunçynyň köp hereketleri gahrymanyň daşky keşbine täsir edýär. Mysal üçin, eger ýaramaz hereketleri etseň, şah ösüp bilýär. Oýnuň relizi 2025-nji ýyla meýilleşdirilen.
  • Indiana Jones and the Great Circle: Indiana Jons barada ekşen bolup, 2024-nji ýylyň ahyrynda çykar.
  • Metal Gear Solid Delta: Snake Eater: Metal Gear Solid 3-üň remeýki, reliziň senesi belli däl.
  • Perfect Dark: birinji bölümi 2000-nji ýylda çykan şuteriň gaýtadan çykarylmagy. Reliziň senesi yglan edilmedi.
  • World of Warcraft: The War Within: Blizzard Entertainment studiýasyndan WoW üçin täze goşundy, ol 2024-nji ýylyň 26-njy awgustynda çykar.

düýn 15:19
978

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
775

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
997

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...

05.02.2026 02:14
781

Microsoft ahyrsoňunda 30 ýyllyk NTLM howpsuzlyk protokolyny öçürýär

Microsoft kompaniýasy Windows 11-iň geljekki wersiýalarynda könelen NTLM howpsuzlyk protokolynyň standart (default) ulanylyşyny bes etmegi meýilleşdirýändigini yglan etdi. Bu ýerde gürrüň tehnologiýany doly aýyrmak barada däl-de, eýsem ulgamyň standart sazlamalarynyň üýtgedilmegi barada gidýär...