Porsche Tesla-dan Taycan awtoulagyna geçenlere 4500 dollar berýär

  • 11.06.2024 15:12
  • 8.6k+

Porsche kompaniýasy "Welcome To Porsche Conquest" programmasyny işe girizdi  we islendik Porsche kysymly bolmadyk ulagdan täze Taycan-a geçýän müşderilerine 4500 dollar hödürleýär. Ilki bilen bu maksatnama Tesla Model S-iň eýelerine gönükdirilendir - nemes öndürijisi şeýdip olary öz tarapyna geçirmäge synanyşýar diýip, Carscoops belleýär.

Teklip 2024-2025-nji model ýyllarynda goýberilen Taycan-a degişlidir. Öwezini doluş pulunyň mukdary häzirki ulagyň şertnamasynyň galan möhletine baglydyr.
Porsche modeli Taycan-a Tesla Model S kimin bäsdeşlerine garanda has özüne çekiji etmek maksady bilen, birnäçe täzelik girizdi. Taycan-nyň güýçli görnüşi - opsional ýeňilleşdirilen Weissach bukjada elýeterli 1092 at güýji bolan Turbo GT.
"Welcome To Porsche Conquest" programmasy diňe ABŞ-da elýeterlidir.


şu gün 09:17
674

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

13.06.2026 12:31
2.4k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......