Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň gepleşikleriniň netijeleri boýunça 8 resminama gol çekildi

  • 10.06.2024 20:16
  • 17k+

Şu gün, 10-njy iýunda Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň arasynda gepleşikler geçirildi.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen resminamalar:

  • – «Türkmenhimiýa» Döwlet konserniniň (Türkmenistan) we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda Gyýanlydaky polimer zawodynyň üstünlikli işe girizilmegi we durnukly işlemegi üçin zerur çäreleriň we işleriň ýerine ýetirilmegi barada hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk; 
  • – «Türkmengaz» Döwlet konserniniň (Türkmenistan) we «Hyundai Engineering Co., Ltd» kompaniýasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyrynda öndürijiligi ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýjy desgalary we guýulary «doly taýýar edip gurmak şerti bilen» taslamalaşdyrmak, satyn almak we gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Çarçuwaly Ylalaşyk; 
  • – Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Kýonpuk uniwersitetiniň ýanyndaky «Çilgok» hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
  • – Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Kýonpuk uniwersitetiniň ýanyndaky «Çilgok» hassahanasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • – Aşgabat şäher häkimligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda energiýa infrastrukturasy we täze şäherleri ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
  • – Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Koreýanyň Eksport-Import bankynyň we Koreýanyň Söwda ätiýaçlandyryş korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; 
  • – Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda bilelikdäki hyzmatdaşlyk toparynyň işine ýardam bermek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama,
  • – Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda söwda we maýa goýumy höweslendirmek babatda binýady döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

Şeýle hem Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Ýun Sok Ýol Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana döwlet saparynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. 
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki döwletiň Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, Koreýa Respublikasynyň Prezidentine we wekiliýetiň agzalaryna açyklyk, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen netijeli gepleşikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. 


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 21:27
2.7k+

Günorta Koreýanyň paýnamalary 2026-njy ýylda 100% ýokarlandy we dotkom döwrüniň rekordlaryny täzeledi

Günorta Koreýanyň öňdebaryjy Kospi birža indeksi 2026-njy ýylyň başyndan bäri 100% ýokarlanyp, taryhda ilkinji gezek 8000 belgi çäginden geçdi....