“Ýüzükleriň hökümdaryndaky” ýaly “Ýöreýän agaç” Täze Zelandiýada “Ýylyň agajy” boldy

  • 09.06.2024 14:57
  • 17k+

Demirgazyk rata (Metrosideros robusta) diýlip atlandyrylýan “Ýöreýän” agaç Täze Zelandiýada “Ýylyň agajy” bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Ol köpçüligiň sesiniň 42% -ini aldy we üýtgeşik görnüşi bilen hemmeleri haýran galdyrdy diýip, Live Science ýazýar.

Agajyň sütüni iki aýaga meňzeş bolup, biri öňe, biri yza atylan ýagdaýda, göýä, agaç meýdanyň üstünden ätläp geçip barýan ýaly. Bu aýratynlyk, şeýle hem ele çalymdaş  giň ýaýran güýçli şahalar ony “Ýüzükleriň hökümdary”-ndaky ente (agaja menzeş adama) meňzeýär.
Agaç Günorta adanyň günbatar kenaryndaky Karameanyň golaýyndaky gonamçylygyň ýanyndaky meýdanyň ortasynda ýeke özi ösüp otyr. Onuň boýy 32 metre ýetýär, ýaşy 150 ýyl, belki ondanam garry bolmagy mümkin. Şeýle agaçlaryň ýaşy müňlerçe ýyla ýetip biler.
Agajyň “aýaklary” howada agaja öwrülen köklerdir. Demirgazyk rata - epifit we agaç, ol ömrüni, megerem, başga bir agajyň ýokary başynda başlap, kökleri ýere ýetýänçä şol ýerde ösen bolmaly. Kökleriň adaty bolmadyk ýerleşişi öň guran hojaýyn-agajyň sütüniniň galyňlygy bilen baglanyşyklydyr.
Demirgazyk rata Täze Zelandiýa üçin endemikdir. Bu görnüş bir wagtlar ýurduň tokaýlarynda giňden ýaýran hem bolsa, tokaýlaryň çapylmagy, inwaziw görnüşler we patogen kömelekler sebäpli indi olaryň sany azalypdyr.
“Ýüzükleriň hökümdary” äleminden gelen entler – bu Walie Ýawannada we Ortaýerde ýaşaýan halklaryň biri, wekilleriniň daşky görnüşi adam şekilli  agaçlara meňzeýär. Agaç pisint jandarlaryň toslanyp tapylan jynsy iňlis ýazyjysy Jon R. R. Tolkiýeniň kitaplarynda beýan edilýär. Olar Ortaýer tokaýlaryny goraýarlar.


25.06.2026 23:36
5.8k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......