Ronaldu laýklaryň sany boýunça sosial ulgamlaryň rekordyny goýdy

  • 08.06.2024 07:01
  • 28k+

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu laýklaryň sany boýunça sosial ulgamlaryň rekordyny goýdy. Bu barada Daily Mail habar berýär. 

39 ýaşly futbolçy Mbappeniň Madridiň “Realyna” geçýändigi baradaky postunyň aşagynda teswir ýazdy we bu teswir 5,2 milliondan gowrak laýk aldy.
Ronaldu teswirinde şeýle ýazdy: “Nobat menden [seniň oýnuňa syn etmek]. “Santýago Bernabeuda” özüňi görkezmegiňe sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Ýaşasyn Madrid”.
10-njy maýda Mbappe 2023/24-möwsümi tamamlanandan soň “PSŽ-den” gidýändigini resmi taýdan mälim etdi. Onuň şertnamasynyň 2024-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanýandygy üçin hüjümçi fransuz klubuny erkin agent hökmünde terk edýär.
Mbappe “PSŽ-de” 2017-nji ýyldan bäri çykyş edýär. Ondan öň “Monakoda” oýnaýardy. 2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Mbappe bilen Madridiň “Realynyň” arasynda şertnama baglaşylandygy resmi taýdan yglan edildi.


düýn 07:28
7.2k+

Nike Dünýä çempionaty – 2026 üçin gyzykly 6 minutlyk wideofilminde futbol ýyldyzlaryny jemledi

Nike kompaniýasy öňümizdäki 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatyna bagyşlanan «Ssenariýany täzeden ýazmak» («Rip the Script») atly 6 minutlyk täsirli mahabat filmini tanyşdyrdy. Bu wideorolikde......

04.06.2026 17:17
5.1k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

01.06.2026 20:16
6.3k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....