Wenada Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi

  • 07.06.2024 14:50
  • 2.2k+

5-nji iýunda Wenada Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 12-nji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow başlyklyk etdi. Mejlise iki ýurduň hökümet we işewür toparlarynyň 70-den gowrak wekilleri gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, taraplar senagatda innowasion tehnologiýalar, energetika, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, ekologik taslamalar we galyndylaryň dolandyrylyşy, gurluşyk hem-de ulag infrastrukturasy, hyzmatlar ulgamy, saglygy goraýyş, derman senagaty, oba hojalygy we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar mejlisiň dowamynda täze gazanylan ylalaşyklaryň özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.
Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň işiniň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň işewür toparlarynyň agzalarynyň we Awstriýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......