Argentinanyň Prezidenti emeli aňyň kömegi bilen döwlet reformasyny geçirmek isleýär

  • 07.06.2024 11:53
  • 3.7k+

Argentinanyň Prezidenti Hawýer Mileý döwlet dolandyryş ulgamynda özgertmeleri geçirmek üçin emeli aňdan peýdalanmak meýilnamalary barada aýtdy diýip, TASS habar berýär.  

“Biz döwlet özgertmeleriniň indiki tapgyrynyň nähili boljakdygyny çözýäris. Döwlet has netijeli bolmaly. Biz Google-daky adamlar bilen gürleşdik, olaryň emeli aňyň kömegi bilen döwlet reformasyny geçirmek üçin moduly bar” – diýip, Mileý žurnalistlere habar berdi.

Mileýiň geçen hepde ABŞ-a eden sapary Google, Apple, Meta we OpenAI ýaly tehnologiýa ägirtleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklara bagyşlandy. Mundan başga-da, Prezident Argentina potensial maýa goýumlary maslahatlaşmak üçin emeli aňa ýöriteleşen 30 kompaniýanyň wekilleri bilen birnäçe söhbetdeşlik geçirdi.
Ýatlap geçsek, 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Prezident wezipesine girişen Hawýer Mileý ýurduň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny kyn diýip atlandyryp, düýpli üýtgetmeleriň zerurdygyny belledi. Ol libertarian garaýyşlaryň tarapdary hökmünde ykdysadyýete döwletiň gatyşygyny azaltmagyň, onuň dollarlaşdyrylmagynyň, inflýasiýa bilen göreşmek üçin Merkezi bankyň ýatyrylmagynyň, şeýle-de ähli döwlet kärhanalarynyň hususylaşdyrmagynyň ugrunda çykyş edýär.


19.06.2026 19:47
1.3k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

30.05.2026 13:39
1.6k+

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýar

OpenAI Foundation täjirçilik däl guramasy emeli aňyň ykdysadyýete täsirini öwrenmek üçin 250 million dollar maýa goýýandygyny yglan etdi....

14.05.2026 18:54
6k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....