Günorta Koreýada ýurdy 29 ýyllap gaz bilen üpjün edip biljek ýatak tapyldy

  • 07.06.2024 11:30
  • 5.3k+

Günorta Koreýa Ýapon deňzinde uly nebit we gaz ýatagyny tapdy. Bu barada ýurduň prezidenti Ýun Sok Ýol mälim etdi diýip, Yonhap-a salgylanýan RBK habar berýär.

Seulyň 260 km günorta-gündogaryndaky Ýonil aýlagynda ýerleşýän bu ýatakda 14 milliard barrel töweregi nebit we gaz bolmagy mümkin. Deslapky çaklamalara görä, ätiýaçlygyň 75%-i gaz, 25%-i nebitdir. Gazyň mukdary Koreýanyň 29 ýylyna, nebitiň mukdary bolsa dört ýylyna ýeter.
Bu açyş energiýa zerurlyklarynyň, takmynan, 97–98%-ini import edýän Günorta Koreýa üçin möhüm bolup durýar. Ýurt köp wagt bäri öz suwlarynda geologiki gözleg işlerini alyp barýar we bu şowly açyşyň ilkinjisi däl.
1998-nji ýylda Günorta Koreýa Phohanyň golaýyndaky suwlardan 45 million barrellik gaz ýatagyny tapdy. Bu ýatagy ulanan 17 ýyllynyň dowamynda ýurt 1,4 trillion won (takmynan 1 milliard amerikan dollary) arassa girdeji aldy.
Günorta Koreýanyň Söwda, senagat we energetika ministrligi eýýäm täze ýatak üçin gözleg buraw meýilnamasyny tassyklady. 2025-nji ýylyň birinji ýarymyna çenli deslapky netijeleriň çykmagyna garaşylýar.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......