Çaga çüýşelerindäki süýdüň hiline gözegçilik etmek üçin akylly enjam döredildi

  • 06.06.2024 15:09
  • 6.6k+

Florida ştatynyň VebaBaby start-apy, çaga çüýşeleri üçin dünýäde ilkinji akylly datçik bolan Veba-ny hödürledi. Gadjet çagalaryň süýdüniň hiline gözegçilik etmäge kömek edýär we önümiň möhleti gutaranda duýduryş berýär.

Veba-ny döretmek pikiri möhleti gutaran süýt sebäpli çagasy kesellän amerikaly Leýmon Brýustere degişlidir.
Veba içine taýmer, temperatura datçigi we akselerometr gurnalan plastik “şaýbaly” bilezikdir. Bu komponentler enjama süýdüň saklanyş wagtyny, temperaturasyny we çüýşäniň näçe gezek ulanylýandygyny yzarlamaga mümkinçilik berýär.
Veba-ny ulanmak aňsat: çüýşäni silkiň we görkeziji çaga süýdi berip boljakdygyny (ýaşyl) ýa-da bolmajakdygyny (gyzyl) görkezer.
Şeýle hem gadjeti Bluetooth arkaly smartfona birikdirip bolýar. Programmada doldurylan çüýşeleriň hemmesini we saklanyş wagtyny görüp bilersiňiz, şeýle hem ýitirilen çüýşäni gözlemek üçin signaly işjeňleşdirip bilersiňiz – gadjet ses berer, bu bolsa ýitirilen çüýşäni tapmaga mümkinçilik berer.
Veba häzirki wagtda Kickstarter-daky bir taslamadyr, ýöne gerekli serişdeler ýygnalsa, şu tomus köpçülikleýin önümçilige başlar. Bahasy takmynan 100 dollar bolar.


şu gün 10:31
4.1k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

düýn 10:51
982

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......