Jaň sagadynyň sesine hereketlenýän akylly krowat döredildi

  • 06.06.2024 15:07
  • 6.2k+

Xiaomi-den üýtgeşik krowatly wideo sosial ulgamlarda meşhurlyk gazandy diýip, Mail.ru ýazýar.

Jaň sagady işlände krowat kese şekilinden diwanyň şekiline meňzeş ýagdaýa gelýär. Bu funksiýa adamlaryň wagtynda oýanyp, möhüm işlerine ýetişmekleri üçin döredilendir.
Gynansagam, wideonyň awtory köp sorag döreden krowadyň modeli we bahasy barada maglumat bermedi.
Maglumatyň ýoklugyna garamazdan, internet derňewçileri meňzeş modeli - Xiaomi Zhizaiju Professional Intelligent Massage Electric Bed Pro Max-y tapmagy başardylar.
Krowadyň funksiýalary:

  • 6 pozisiýasy: okamak, stresi aýyrmak, ýoga, horlama garşy, filmlere tomaşa etmek, keseligine;
  • tolkun hereketine öýkünýän, 9 zolakly massažly düşegi;
  • iki garaşsyz zonaly düşegiň temperaturasynyň sazlanmagy;
  • Fiziki parametrleri we adamyň ýagdaýyny seljermek, rahat ukyny üpjün etmek üçin gurlan emeli aň kömekçisi.

Xiaomi Jhizaiju Professional Intelligent Massage Electric Bed Pro Max-yň bahasy Ultra Trade web sahypasynda takmynan 2300 dollar. Pixel Trade-de 1835 dollara has amatly görnüşini (düşegiň ini 150 sm) tapyp bilersiňiz.


düýn 10:31
5.4k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

27.06.2026 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......