Rumyniýada okamaga isleg bildirýänleriň resminalaryny kabul etmek dowam edýär

  • 05.06.2024 19:23
  • 11k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-2025-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça seçip alyş işini dowam edýär. Bu barada Magtymguly adyndaky TDU-nyň saýtynda habar berilýär.

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär we ýokary hünär bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 7-nji iýuna çenli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär.
Hünärleriň sanawy, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamasy boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary resminamalary kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy bilen şu salga birikmek arkaly tanşyp bilersiňiz.
Kabul edilen resminamalaryň netijeleri boýunça ýokary görkezijilere eýe bolan dalaşgärler bilen 2024-nji ýylyň 17-18-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde seçip alyş işi boýunça söhbetdeşlik geçirilýär.
Söhbetdeşlik bakalawr maksatnamasy boýunça umumybilim berýän derslerden, magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilimiň okuw maksatnamasyndan geçirilýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31.
Telefon belgileri: (+993 12) 94-69-90, 94-54-29;
e-mail: tdu@tdu.edu.tm


şu gün 19:18
464

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
2.8k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......