Trampyň gadagan etmek islän TikTok platformasynda açan akkauntyna bir günde 3 mln adam ýazyldy

  • 05.06.2024 14:56
  • 24k+

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp TikTok-da hasaba alnandan soň, bir günüň dowamynda kanala 3 million adam ýazyldy, onuň platformadaky ilkinji wideosy 56 milliondan gowrak tomaşa ýygnady diýip, Afişa Daily habar berýär.  

Tramp platformada “American Bad Ass” aýdymynyň astynda UFC 302 ýaryşynyň zalyna girişini görkezýän wideosy bilen peýda boldy.
Politico Trampyň TikTok-da peýda bolmagynyň Prezident saýlawlaryndan öň ýaş saýlawçylary özüne çekmek synanyşygy bilen baglanyşyklydygyny belleýär.
ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Jo Baýdeniň hem TikTok akkaunty bolup, ol hem saýlawdan öňki kampaniýany alyp barýar. Oňa 340 müňden gowrak ulanyjy ýazyldy.
Bellemeli ýeri, syýasatçylaryň ikisi-de öň TikTok-a garşy çykyş etdiler. Tramp amerikalylara TikTok-yň eýesi bolan Hytaýyň ByteDance kompaniýasy bilen islendik şertnamany baglaşmagy gadagan etmäge synanyşdy. Baýden bu gadaganlygy ýatyrdy, ýöne eger ByteDance platformany amerikan kompaniýasyna satmasa, ony ABŞ-da blokirläp biljek kanun taslamasyna gol çekdi.
Programmadan 170 mln amerikaly peýdalanýar.


düýn 23:16
1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
5.5k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

02.06.2026 11:43
4.2k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

29.05.2026 23:05
5.3k+

99 ýaşly amerikaly zenan kraudsýorfing boýunça rekord goýdy

ABŞ-nyň 99 ýaşly ýaşaýjysy Polin Kena konsert wagtynda kraudsýorfing eden iň ýaşuly adam boldy. «LouderSound» neşiriniň habar bermegine görä, ol resmi ýagdaýda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....