Microsoft: Windows 11-iň täzelenmesi wezipeler panelinde bökdençlikleri ýüze çykarýar

  • 05.06.2024 13:53
  • 1.8k+

Microsoft Windows 11-iň ulanyjylaryna ýakynda goýberilen hökmany däl täzelenme sebäpli wezipeler panelinde bökdençlikleriň ýüze çykyp biljekdigini duýdurdy diýip, Hi-Tech habar berýär.

KB5037853 täzelenmesi wezipeler panelinde näsazlygyň, jogapsyz galmalaryň ýa-da ýitip gitmeleriň  ýüze çykmagyna we  wezipeler paneliniň gaýtadan peýda bolmagyna getirip biler. Bu mesele Windows 11 23H2-de we 22H2-de işleýän enjamlara degişli.
Şeýle hem, Microsoft Windows 10 22H2 üçin KB5037849 toplaýjy täzelenmesinde, şol sanda Copilot-yň ýarlyklary bilen bagly näsazlyklary öz içine almak bilen, wezipeler paneli we Microsoft Connected Cache bilen baglanyşykly goşmaça näsazlyklar barada habar berýär. Ikinjisi ulanyjy profiliniň suratyny üýtgetjek bolanda 0x80070520 ýalňyşlygy goýberýär.
Kompaniýa häzirlikçe bu täzelenmeleri gurnamazlygy maslahat berýär.
Microsoft kemçilikleri düzetmegiň üstünde işleýär we ýakyn wagtda täzelenme çykarar.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
903

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...