Marsda nirä eltýäni näbelli ullakan gowak tapyldy

  • 05.06.2024 13:51
  • 11k+

Marsyň üstünde ýerasty gowaga eltýän bolmagy mümkin ullakan çukur tapyldy. Obýekt NASA-nyň MRO planetara stansiýasyndaky HiRISE kamerasy arkaly tapyldy diýip, Hi-Tech habar berýär.

Çukur sönen Arsia Dagy wulkanyndan birnäçe km uzaklykda ýerleşýär.
Çukuryň tapylan sebiti wulkan düzlügidir we geçmişde bu wulkanlar işjeň ýagdaýda bolupdyr. Alymlar çukuryň opurylan köwek ýa-da lawa turbasynyň girelgesiniň bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.
Mars çukurynyň çuňlugy 178 metre ýetýär, ol Ýerde gabat gelýän, özüne meňzeş çukurlardan kän uly. Marsyň dartyş güýjüniň pes bolmagy has uly lawa turbalarynyň döremegine itergi berýär.
Başga wulkanyň golaýynda ýerleşýän ýene bir çukur gözlegçileri hasam gyzyklandyrýar. Onuň aşagynda boşluk görünýär, emma bu çukuryň tebigatyny kesgitlemek häzirlikçe kyn.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....