Jokowiç “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň oýunlaryndaky ýeňişleriniň sany boýunça rekord eýesi boldy

  • 04.06.2024 13:39
  • 2.8k+

Serbiýaly Nowak Jokowiç Fransiýanyň tennis boýunça Açyk çempionatynyň (Roland Garros) dördünji tapgyr oýnunda argentinaly Fransisko Çerundolony utdy. Ýaryş Parižde geçirilip, 6:1, 5:7, 3:6, 7:5, 6:3 hasabynda Jokowiçiň peýdasyna tamamlandy diýip, TASS habar berýär. Türgen dörtden bir finalda norwegiýaly Kasper Ruud bilen duşuşar.

Jokowiç “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň oýunlarynda 370-nji ýeňşini gazandy we Açyk döwürde (1968-nji ýyldan bäri, şonda ähi oýunçylar, şol sanda höwesjeňler islendik ýaryşa gatnaşmaga hukuk gazandylar) erkekleriň we zenanlaryň arasynda bu görkeziji boýunça rekord eýesi boldy. Öňki rekord şweýsariýaly Rojer Federere degişlidi, onuň hasabynda şeýle ýaryşlarda 369 ýeňişli oýun bar.
Jokowiç 37 ýaşynda bolup, dünýäniň birinji raketkasydyr. Onuň hasabynda Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) howandarlygynda geçirilen ýaryşlarda 98 ýeňiş, şol sanda “Uly tuwulga” ýaryşlarynda 24 ýeňiş bar. Türgen Olimpiýa oýunlarynyň bürünç baýrakçysy (2008) we Dewisiň Kubogynyň eýesidir (2010).


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

02.06.2026 17:37
5.1k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....