Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýahatçylyk pudagynda başlyklyk Özbegistana geçdi

  • 04.06.2024 13:30
  • 3.6k+

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýahatçylyk pudagynda başlyklyk etmek nobaty Azerbaýjandan Özbegistana geçdi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ministrliginiň ýanyndaky Syýahatçylyk komitetiniň habarynda aýdylýar.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň syýahatçylyk ministrleriniň Hywada geçirilýän duşuşygynda Özbegistana halkara çäresini geçirmäge taýýarlygy üçin minnetdarlyk bildirildi, aýratynam, ýurtda syýahatçylygy ösdürmek boýunça geçirilýän özgertmelere ýokary baha berildi – diýlip, habarda aýdylýar.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň syýahatçylyk ministrleriniň XII sessiýasynda Özbegistanyň baştutanlygynda guramanyň ýurtlarynyň arasynda ýaşyl we durnukly syýahatçylyk, akylly syýahatçylyk, syýahatçylyk logistikasy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm taslamalaryň we başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirildi.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......