“Bir Supra” Aşgabatda ikinji dükanyny açdy we iýunyň ahyryna çenli çörek önümlerine arzanlaşyk yglan etdi

  • 04.06.2024 12:26
  • 148k+

Çörek we çörek önümleriniň dürli görnüşlerini hödürleýän «Bir Supra» (öň «Supra» ady bilen tanalýardy) dükany Aşgabatda ikinji dükanyny açdy. Täze dükan A.Berdiýew köçesiniň (Graždan köçesi) ugrunda ýerleşýär (3-nji parkyň öňi).
“Bir Supra” dükanlarynyň ikisinde hem Gurban baýramy mynasybetli iýun aýynyň ahyryna çenli çörek önümlerine arzanlaşyk yglan etdi.

Hususan-da dükanda şu arzanlaşyklar hereket edýär:

  • Türkmen çöregi (kiçi) — 3 manatdan (öň 4 manat)
  • Türkmen çöregi (uly) 5 manatdan (öň 7 manat)
  • buhanka çöregi (demir ýol) — 3 manatdan (öň 4 manat)
  • petir 1 kg — 8 manatdan (öň 10 manat)  satyn alyp bilersiňiz.

Bu bahalar dükandan çörek önümlerini bölekleýin satyn alýan müşderiler üçindir.
Şäher içinde iň amatly bahalary hödürleýän «Bir Supra» dükany diňe bir gündelik däl, eýsem, toý-sadakalarynyň saçaklaryny bezejek, ýokary hilli undan öndürilýän önümleriniň giň toplumynyň bardygyny ýatladýar.

Islendik adam “Bir Supra” bu dükanlaryndan öz halaýan çöregini tapyp biler. Dükanlarda tamdyr çöregiň 3 görnüşi (250 gr, 500 gr, 900 gr), petir çörek, buhanka, türk dokasy, pide çörek, trabzon, berhiz çörek, kruassanlar, ýagly çörek, gatlakly çörek bar. Bulkalaryň 11 görnüşi, kökeleriň 40-a golaý görnüşi, süýjülikleriň, tortlaryň dürli görnüşleri bar.
2017-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän «Bir Supra» dükany Aşgabadyň söwda nokatlaryna, naharhanalara we toý mekanlaryna amatly şertlerde hyzmatdaşlyk edip gelýär. Bu babatda dükan eltip bermek hyzmatynyň bardygyny, şeýle hem hasaplaşyklaryň nagt we nagt däl görnüşde kabul edýändigini habar berýär.
Köp mukdardaky sargytlar 1 gün öňünden kabul edilýär.

Bahalar dükanlaryň ikisinde hem birmeňzeşdir.
Iş wagty: 07:00-dan 21:00-a çenli
Salgysy:


18.06.2026 18:15
2.9k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.5k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......