Toyota täze Wildlander (Veranda) 2024 modelini çykardy

  • 04.06.2024 10:48
  • 8.3k+

Toyota kompaniýasy 2,0 litrlik basyş hereketlendirijili ýa-da 2,5 litrlik hereketlendirijili esasynda benzin-elektrik gibrid ulgamyny özünde jemleýän «Toyota Wildlander» (başgaça «Veranda») ulagynyň 2024-nji ýyl üçin taýýarlanan nusgasy hödürledi. Hytaýda bu ulagyň bahasy — 23900 dollardan 36500 dollar aralygynda hödürlenilýär.

«Toyota Veranda 2024» binýadynda eýýäm duralgada ýerleşdirmek üçin niýetlenen öňki we yzky datçikler, şeýle hem doly tizlikde uýgunlaşmak boýunça dolandyryş, hereket/gidiş duýduryşy we işjeň saklaýjynyny öz içine alýan «TSS Toyota» akylly ulgamy peýda boldy. Ähli modellerde täze 12,3 dýuýmlyk suwuklandyrylan kristally gural paneli bar.
Awtoulagda tekerleriň basyş datçikleri, panorama görnüş ulgamy, ses dolandyryşy, 4G tor goldawy, HUD displeýi, simsiz jübi telefonyna energiýa beriş mümkinçiligi, öň hatar oturgyçlaryny şemalladýan/gyzdyrýan we howany arassalaýan ulgamlar ornaşdyryldy.
«Toyota Veranda 2024» gabarasynyň ölçegleri 4665 x 1855 x 1690 mm, teker binýady 2690 mm. Benzin nusgasynyň iň ýokary kuwwatlylygy 126 kW, iň ýokary öwrüm mümkinçiligi 206 Nm bolup, ulag üznüksiz üýtgeýän geçiriji (CVT) bilen enjamlaşdyrylandyr.
Benzin-elektrik gibrid ulgamynyň kuwwaty 160 kWt bolup, ol «E-CVT» yzygiderli üýtgeýän geçiriji bilen utgaşýar.


düýn 14:05
3.4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......