Aşgazan ýarasy Maýk Taýsony Jeýk Pol bilen boljak söweşi yza süýşürmäge mejbur etdi

  • 03.06.2024 15:47
  • 19k+

Meşhur boksçy Maýk Taýson bilen bloger Jeýk Polyň arasynda 20-nji iýulda Tehasda geçmeli söweş yza süýşürildi. Muňa 57 ýaşly Taýsonyň aşgazan ýarasynyň bardygy, şoňa görä lukmanlaryň maslahaty bilen türgenleşiklerini birnäçe hepdelik azaltmalydygy sebäp boldy.

Söweşiň täze senesi 7-nji iýunda mälim ediler.
Geçen hepdäniň başynda Taýson Maýamiden Los-Anželese uçuş wagtynda özüni erbet duýdy. Boksçynyň başy aýlanyp, ýüregi bulandy, gonuş zolagynda ony tiz kömek ulagy bilen garşy aldylar.
Taýson söweşiň yza süýşürilendigi üçin janköýerlerden ötünç sorady we ýakyn wagtda türgenleşiklere doly başlajakdygyna ynam bildirdi. Ol: "Umuman, bedenim 1990-njy ýyllardaka garanda has gowy" - diýdi.
Jeýk Pol garşydaşyny goldaýandygyny aýtdy we tiz wagtda sagalmagyny arzuw etdi. Ol: “Men Demir Maýky diňe iň gowy ýagdaýda görmek isleýärin" - diýdi.


30.05.2026 08:45
8.2k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....