Çagalary goramagyň halkara gününde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara sowgatlar gowşuryldy

  • 03.06.2024 01:59
  • 5.5k+

1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde geçirilen baýramçylyk dabarasynyň dowamynda bu ýerde terbiýelenýänlere Prezident Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň köpüsiniň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň, halkara festiwallaryň, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň ýeňijileridigini, Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýeleridigini bellemek ýakymlydyr. Bu ýerde çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilendir. Çagalar dürli gurnaklara gatnap, şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýärler, saz çalmak, sport bilen meşgullanýarlar. Olar diňe bir öz bilimlerini özleşdirmän, eýsem, dürli hünärleri hem ele alýarlar. Bu olaryň mekdebi tamamlanlaryndan soňra, uly durmuşa ynamly gadam urmaklaryna şert döredýär.
Okuw maksatnamasynyň çäklerinde olar daşary ýurt dillerini uly höwes bilen öwrenýärler, boş wagtlarynda kitap okaýarlar. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalaryň şu ýylyň aprelinde Türkiýe Respublikasyna gezelenjiniň guralmagy döwletimiz tarapyndan çagalaryň üns-alada bilen gurşalandygynyň ýene-de bir güwäsidir. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşi tarapyndan taýýarlanylan medeni maksatnama laýyklykda, olar Ankara we Stambul şäherlerinde guralan döredijilik çärelerine gatnaşdylar. Şolara bu gurama agza we synçy döwletlerden çagalaryň çagyrylandygy bellärliklidir.
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dabaralar guraldy.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......