Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy işlenip taýýarlanylýar

  • 31.05.2024 22:17
  • 5k+

Türkmenistanda 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Döwlet býujetini düzmek üçin ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli hasabatlary hem-de maglumatlary taýýarlamagyň tertibi we möhletleri kesgitlenildi diýip, wise-premýer H.Geldimyradow 31-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Geljek ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmegi dowam etdirmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini önümçilikleriň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksat edinilýär. 
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi. 
Prezident Serdar Berdimuhamedow geljek ýylda-da ýurdumyzda ýerine ýetirilmeli işleri guramaçylykly alyp barmak maksady bilen, «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda» Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


şu gün 11:05
2.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

düýn 20:55
2.5k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

düýn 08:04
6.6k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......