Bekhem AliExpress-iň ilçisi boldy: ol platformada “gazanç etmegi” mahabatlandyrar

  • 29.05.2024 18:57
  • 8.9k+

AliExpress söwda platformasyna eýeçilik edýän Hytaýyň Alibaba kompaniýasy Angliýanyň futbol ýygyndysynyň öňki oýunçysy Dewid Bekhem bilen şertnama baglaşdy. Ol brendiň dünýädäki ilçisi bolar we AliExpress-i “AliExpress bilen has köp gazan” kampaniýasynyň çäklerinde dünýä tanadar.

Bekheme tölenjek puluň mukdary aýan edilmedi.
AliExpress-iň 2024-nji ýylda geçiriljek ýetip gelýän Ýewropa futbol çempionatynyň hemaýatkärlerinden biridigini ýatladýarys. Platforma ýaryşa millionlarça dollarlyk maýa goýumlaryny goýdy we ýörite teklipler hem-de arzanladyşlar bilen onlaýn- alyjylary özüne çekmegi meýilleşdirýär.
Bekhemiň gatnaşmagyndaky mahabat kampaniýasy ýaryş bilen deňine başlar hem-de AliExpress-iň tanymallygyny ýokarlandyrmaga gönükdiriler we ulanyjylary “AliExpress bilen has köp gazanmaga” höweslendirer.
Mart aýynda Ýewropa Komissiýasynyň AliExpress-de galp dermanlar ýaly, töwekgelçilikli önümlere garşy näderejede göreşilýändigini barlamak üçin platformany derňemäge girişendigini ýatladýarys. Şeýle hem, komissiýa Hytaý platformasynyň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň gadagan edilen mazmuna girmeginden goramak boýunça geçirýän çärelerini gözden geçirer.

"AliExpress ähli sarp edijiler üçin ygtybarly we amatly bazar döretmäge borçlanýar" – diýip, kompaniýanyň wekili mälim etdi.

şu gün 10:00
2k+

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

şu gün 00:07
3.4k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
2.3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
4.7k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......