1972-nji ýylda çykan dünýäde ilkinji PK auksiona çykaryldy

  • 29.05.2024 14:17
  • 10k+

Dünýäde ilkinji doly derejeli personal kompýuter hasaplanýan 1972-nji ýylyň Q1 kompýuteriniň seýrek nusgasy ABŞ-da Heritage Auctions auksionyna çykaryldy diýip, RBK ýazýar.

Öz döwründen öňe giden bu ykjam kompýuter Londonda tötänleýin tapyldy. Ol ekran, klawiatura we printer bilen enjamlaşdyrylan bolup, hasaplaýyş tehnikasynyň taryhynda özboluşly artefaktdyr (ýadygärlikdir).

“Özboluşly mämişi ekranly we klawiaturaly bu täzeçil gurluş öz döwründen has öňe giden dizaýnda forma bilen funksionallygyň ajaýyp utgaşmasyny görkezýär” – diýip, auksion öýi belleýär.

Wagtyň käbir yzlary goýandygyna garamazdan, Q1-iň ýagdaýy gowy. Ýöne gurluşyň işe ukyplylygyna kepil berilmeýär.

“Printerde “ýaşyna” laýyk gelýän tozan we pos bar, ýokarky lýuk hem ýok. Şeýle-de bolsa, bu predmetiň seýrekligini göz öňünde tutsaň, bular ownuk kemçiliklerdir” – diýip, söwda öýi habar berýär.

Lotuň başlangyç bahasy 32 müň dollar.

düýn 23:58
689

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
9.3k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

düýn 20:34
899

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

düýn 11:32
4.4k+

Finlýandiýada işsizlik XXI asyryň iň ýokary derejesine ýetdi

2026-njy ýylyň maý aýynda Finlýandiýada işsizleriň sany 376 müň adama ýetdi. Bu bolsa soňky 28 ýyldaky iň ýokary görkezijidir....