Antarktidadaky buzlukdan şäheriň ululygyndaky aýsberg döwlüp aýryldy

  • 28.05.2024 13:26
  • 17k+

Antarktidadaky Brant buz ýalpaklygyndan meýdany 380 inedördül kilometre barabar aýsberg döwlüp aýryldy. Bu soňky dört ýylda sebitde uly aýsbergiň üçünji gezek döwlüp aýrylyşydyr diýip, British Antarctic Survey habar berýär.

A-83 diýlip bellenen täze aýsberg Copernicus Sentinel-1 we NASA Landsat 8 Ýere gözegçilik ediş hemralary tarapyndan ýazga alyndy. Döwlüp aýrylmak 20-nji maýda bolup geçdi, ol birnäçe hepde öň buz ýalpaklygynda peýda bolan jaýryklaryň ýaýramagy netijesinde ýüze çykdy.
Aýsbergiň döwlüp aýrylmagy buz ýalpaklygynyň tebigy häsiýeti bolsa-da, ol ummanyň ýerli aýlanyşygyna täsir edip biler. Hemra arkaly şeýle ýagdaýlara  gözegçilik etmek hünärmenlere Antarktidadaky global maýlamagyň täsirini yzarlamaga we geljekde buz örtükleriniň üýtgemegini çaklamaga mümkinçilik berýär.
Alymlar Antarktidadaky buzuň dowamly ýitmeginiň deňiz derejesiniň ýokarlanmagyna, kenarýaka suw joşmalaryna we adatdan daşary howa şertlerine sebäp bolup biljek çynlakaý meseledigini bellediler.


27.03.2025 15:12
13k+

Antarktidada bölünip aýrylan aýsbergiň aşagynda ýaşaýyş ýüze çykaryldy

Halkara alymlar topary Antarktidadaky Georg VI şelf buzlugyndan ägirt uly A-84 aýsbergi bölünip aýrylandan soň, ilkinji gezek boşap galan deňiz düýbüni öwrendi. Buzlugyň astynda baý ekoulgam ýüze çykaryldy. Ylmy...

09.03.2025 21:33
8.6k+

Ozon gatlagyndaky deşik 2035-nji ýyla çenli doly ýapylyp biler

Amerikaly alymlar ozon gatlagynyň Antarktidanyň üstündäki böleginiň dikeliş prosesini öwrenmek üçin barlaglary geçirdiler. Olar soňky 15 ýylda emeli hemralar tarapyndan toplanan hakyky maglumatlary öňki çaklamalar...

22.02.2025 07:11
11k+

Ýeriň polýuslaryndaky buzlaryň eremegi taryhy derejä ýetdi

ABŞ-nyň Gar we buz boýunça milli maglumat merkeziniň (NSIDC) berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň 13-nji fewralyna çenli Arktikada we Antarktikada deňiz buzlarynyň umumy meýdany rekord derejä – 15,76 million...

16.02.2025 00:50
8.3k+

Antarktidada metanyň uly möçberde çykýan ýeri tapyldy

Antarktidada ilkinji gezek ozal Arktikada tapylan territoriýalara meňzeş uly möçberde metanyň çykýan ýeri tapyldy. Alymlar bu açyşy «klimat partladyjysy» diýip atlandyrdylar diýip, «El País» neşiri habar berýär...