Microsoft kompaniýasy resmi taýdan "Windows 10-y" goldamagynyň gutarýan senesini yglan etdi

  • 28.05.2024 12:10
  • 2.5k+

Microsoft 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Windows 10 operasion ulgamy (OS) üçin goldawy bes etjekdigini habar berdi. Bu diýildigi Windows 10 OS-ly kompýuterleriň mundan beýläk Microsoft-dan howpsuzlyk täzelenmelerini we tehniki goldawy almajakdygyny aňladýar.

Kompaniýa Windows 10-a goldawyň gutarjakdygy barada ulanyjylara uzak wagtdan bäri duýduryş berip gelýärdi we ulanyjylaryň aglabasy bu çärä taýýardy. Şeýle-de bolsa, Windows 11-e geçmek hökman däldi we şonuň üçin käbir kompýuterler henizem Windows 10-da işleýär.
2025-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan bu kompýuterler täze howplara garşy goragsyz bolarlar. Microsoft indi Windows 10 üçin howpsuzlyk täzelenmelerini goýbermez, diýmek tapylan näsazlyklar ýa-da gowşaklyklar düzedilmez.
Microsoft Windows 10 ulanyjylarynyň hemmesine mümkin boldugyça gysga wagtda Windows 11-e geçmegi maslahat berýär. Geçiş bar bolan ulgamy täzelemek ýa-da arassa gurnama arkaly amala aşyrylyp bilner.
OS-nyň özi bilen birlikde, Windows 10-a goldawyň gutarmagy käbir Microsoft Office programmalaryna hem täsir eder. Şeýlelik bilen, Office 2016 we Office 2019 hem bu seneden soň täzelenmeleri almaz.
Windows 10 ulanyjylarynyň täze OS-a geçmek üçin bir ýyldan gowrak wagty bar. Köp ulanyjy Windows 11-iň anyk we zerur talaplaryny kanagatlandyrmak üçin täze kompýuter satyn almagy ýa-da iş stolunyň böleklerini çalyşmagy göz öňünde tutmaly bolar.


17.03.2026 20:39
761

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...