2023-nji ýylyň iýul-dekabr aýlarynda iň meşhur Netflix taslamalary saýlandy

  • 28.05.2024 11:48
  • 4.2k+

Netflix hyzmaty 2023-nji ýylyň iýul aýyndan dekabr aýy aralygynda platformada iň meşhur bolan filmler we seriallar barada maglumatlary hödürledi. Bu barada Variety habar berýär.

Filmleriň arasynda baş keşpleri Juliýa Roberts bilen Itan Houkyň ýerine ýetirmegindäki “Dünýäni yzda galdyr” (Оставь мир позади) antiutopik trilleri lider boldy. Ol üç hepdede 121 mln tomaşa ýygnady.
Ikinji orny Gal Gadot bilen “Stounyň ýüregi” (Сердце Стоун) filmi eýeledi (109 mln tomaşa), üçlügi bolsa Netflix-iň taryhynda iň iri animasion taslama bolan “Leo” multfilmi jemledi (96 mln tomaşa).
Seriallaryň arasynda 71 mln tomaşa ýygnan “Wan-Pis” meşhur boldy. Ol platformada anime-kontentiň tomaşa sanyny iki esseden gowrak artdyrdy. Ilkinji üçlüge “Eýjejik çaga” (Милое дитя) mini-serialy we “Erin Karter kim?” (Кто такая Эрин Картер?) kriminal trilleri-de girdi.
Ýeri gelende bellesek, Netflix-iň häzire çenli iň uly üç taslamasy – “Wednesday” (Уэнсдэй), “Gyzyl duýduryş” (Красное уведомление) we “Kalmar oýny” (Игра в кальмара) – uly islegden peýdalanmagy dowam etdirýär. 2023-nji ýylda olar degişlilikde, 98, 62 we 25 mln tomaşa ýygnadylar.
Iňlis dilinde bolmadyk şoular we filmler ähli tomaşalaryň tas üçden bir bölegini emele getirýärler. Aýratynam, koreý (9% tomaşa), ispan (7%) we ýapon (5%) taslamalary uly meşhurlyk gazanýar.
“Sport” kategoriýasyna bolan isleg hem artýar. 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda ol, umuman, 184 mln tomaşa ýygnady. Iň meşhur taslama “Bekhem” dokumental mini-serialy boldy (44 mln tomaşa).
Doly sanaw 6 599 serial möwsümini we 9 395 filmi öz içine alýar.


düýn 11:31
1.9k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
18k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....