«Al-Aýn» finalda "Ýokogama F.Marinos" klubuny ýeňip, Aziýanyň Çempionlar ligasyny gazandy

  • 27.05.2024 13:56
  • 8.6k+

Birleşen Arap Emirlikleriniň “Al-Aýn” topary Aziýanyň Futbol Konferederasiýasynyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy. Topar final duşuşygynda Ýaponiýanyň “Ýokogama F. Marinos” toparyny 5:1 hasabynda utup, Aziýa yklymynyň iň uly kubogyny gazandy.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň final duşuşygy 2 oýundan ybarat. Ýaponiýada geçirilen ilkinji duşuşykda ýapon topary 2:1 hasabynda utupdy.
Jogap duşuşugy BAE-däki “Hazza Bin Zaýed” stadionynda geçirildi. Öz meýdançasynda “Al-Aýn” topary 5:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy.
Şeýlelikde, argentinaly meşhur futbolçy Hernan Kresponyň tälimçilik edýän “Al-Aýn” topary ikinji gezek Aziýanyň Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Mundan ozal, bu topar 2003-nji ýylda bu kubogy gazanypdy.
Ýatlatsak, BAE-niň “Al-Aýn” topary Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda “Ahal” futbol kluby bilen bir topara düşüp, Aşgabada hem gelipdi.


düýn 23:07
2.8k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.7k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....