Tomusda haýsy kitaplary okamaly we haýsy filme tomaşa etmeli? Bill Geýtsiň maslahatlary

  • 26.05.2024 18:53
  • 7.4k+

Milliarder, Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts tomus üçin her ýylky kitap sanawyny neşir etdi. Olaryň hersiniň ýanyna maslahat beriş hatlaryny goşdy.

Sanawa başgalara kömek edýän adamlaryň ýagşy niýetleri, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary we şeýle işiň ähmiýeti barada, telekeçiniň pikiriçe, pikirlenmäge mejbur edýän eserler girdi.
Geýtsiň TOP-sanawyna şu aşakdakylar girýär:

  • Kristin Hannanyň "Aýallar" romany: Wýetnamda iki söweşi başdan geçiren we närazylyklardan yraň atýan ýurda gaýdyp gelen şepagat uýasy hakdaky eser. "Bu orta goýan çensiz-çaksyz gurbanlary üçin soňsuz minnetdarlyga mynasyp bolan weteranlar toparyna goýlan ajaýyp hormatdan nyşandyr."
  • Kris Andersonyň “Ýokuşagan jomartlyk” eseri: aýratyn şahsyýetlerden başlap, ähli kompaniýalara çenli ähli derejelerde sahylygy ösdürmegiň meýilnamasy. Awtor - TED Talk-yň kuratory. "Eger siz has adalatly dünýäni döretmäge kömek etmek isleseňiz, ýöne nämeden başlajagyňyzy bilmeýän bolsaňyz, onda “Ýokuşagan jomartlyk” siziň üçin ýazylan".
  • Sel Hanyň “Batyrgaý täze sözleri” eseri: AI-iň bilimi düýpgöter gowulaşdyryp, hemmeler üçin elýeterli we täsirli edip biljekdigine salgylanýan garaýyş. "Bilimiň geljegine Seldan gowy düşünýän adam ýok, şonuň üçin men bu kitaby maslahat bermän bilemok".
  • Dewid Bruksyň “Adamy nädip tanamaly” eseri: adamlar bilen aragatnaşyk saklamak we täsirleşmek endikleriniň dogabitdi häsiýetler däl-de, eýsem ösdürilýän endiklerdigi hakyndaky kitap. "Men Dewidiň “Häsiýete barýan ýol" atly öňki kitabyny gowy görüpdim, ýöne bu kitap hasam gowy ..." Ol “gaty diňlemek" diýilýän zat barada peýdaly maslahatlary berýär, bu tejribe beýlekileriň sesiniň eşidilmegini we gadyrynyň bilinmegini duýmaga kömek eder."
  • “Haýal atlar” serialy: MI-5-iň  şowsuz agentler topary hakda içalyly iňlis trilleri. Sýužetiň merkezinde - Jeýms Bonduň  häsiýetine düýbünden ters häsiýetli sölite we pyýankeş adam. “Men içalylar hakyndaky wakalary gowy görýärin. Jon le Karräniň birnäçe romanyny okadym, iň halaýan iki filmim – “Içaly oýunlary” we “Kondoryň üç güni”. “Haýal atlar”-y şolaryň iň gowusy bilen bir hatarda goýardym ".

​​​​​​​Bil Geýtsiň kitaplarynyň sanawy, adatça, dünýäde okamagy halaýanlaryň ünsüni özüne çekýär we kitaplaryň köpçülige mälim bolmagyna uly goşant goşýar.


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
900

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...