Türkmenistan halkara reýtingi almak boýunça ýöriteleşdirilen kompaniýalar bilen iş geçirer

  • 26.05.2024 10:53
  • 6.4k+

Türkmenistan dünýäniň esasy reýting agentlikleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işleri alyp barýar.

Şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň bellemegine görä, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalardan halkara reýtingi almak boýunça işleri geçirmek göz öňünde tutulandyr.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer “Fitсh Ratings” agentliginden gelip gowşan degişli teklibi döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň halkara we daşary ýurt maliýe guramalary hem-de agentlikleri bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeltmelidigini belledi hem-de milli ätiýaçlandyryş ulgamynyň halkara maliýe abraýyny ýokarlandyrmak hem-de daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek üçin degişli işleri geçirmelidigini aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......