ABŞ-da TikTok-yň gadagan edilmek ähtimallygy onuň bäsdeşi Clapper-e meşhurlyk gazandyrýar

  • 25.05.2024 23:37
  • 12k+

ABŞ-da TikTok-yň gadagan edilmeginiň mümkindigi baradaky çekişmeleriň ýüze çykmagy bilen, onuň entek az tanalýan bäsdeşi Clapperiň gurnamalary ýokarlandy.

Deadline-iň habaryna görä, ABŞ-nyň Kongressi tarapyndan Hytaýyň sosial ulgamyny gadagan edýän kanun kabul edilenden soň hem, ýokarlanma tendensiýasy dowam edýär. Clapperiň gurnamalarynyň sany 4 esse artdy. Ortaça, ol hepdede 200 müňe golaý täze gurnama ýazga alýar.
Clapper-iň gündelik aktiw ulanyjylarynyň sany 300 müň töweregi, aýlyk tomaşaçylary 2 million bolsada, ony henizem TikTok bilen deňeşdirip bolmaýar.
Clapper 2020-nji ýylda Edison Çen tarapyndan ulanyşa girizildi. Programmany esaslandyryjy ony TikTok bilen gönüden-göni bäsdeş hökmünde görkezmeýär, ýöne Clapper-iň "ulanyjy maglumatlaryny ABŞ-nyň bulut ulgamynda saklamagy" Amerikanyň häkimiýetleri bilen TikTok ýolbaşçylarynyň arasynda kynçylyk döredýän zatlaryň biridir.
Clapper TikTok-dan uly ýaşly (17+) tomaşaçylary we mahabatyň ýoklugy bilen tapawutlanýar. Programma ýaýlym we habarlaşma funksiýalaryny üpjün edýär. Çeniň aýtmagyna görä, ol başda TikTok-a kän bir gyzyklanma bildirmeýän 25 ýaşdan uly ulanyjylar üçin niýetlenendi: "Olar hem gysga wideo tomaşa etmek isleýärler, ýöne platformalaryň köpüsi ýaşlara gönükdirilendir."
Clapper wirus tendensiýalarynda däl-de, jemgyýetiň gyzyklanmalarynda ünsüni jemleýär. Clapperde azar bermek, gorkuzmak, zorluk, jynsparazlyk, paýyş sözler, haýbat atmak we zorlugy wagyz etmek gadagan edilendir. “Munuň uly ýaşlylara niýetlenen programma bolmagynyň bir sebäbi bar. Çagalar ýaly hereket etmäň "-diýip, Çen nygtady.
“TikTok bilen deňeşdirilende, biz henizem ösüşiň irki basgançagynda. Olaryň aýda milliard aktiw ulanyjylary bar. Şonuň üçin, biz X we Y ýetişen nesle gönükdirilen wirtual jemgyýete meňzeýäris ".


30.03.2026 09:59
10k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......

29.03.2026 23:55
6.3k+

Ilon Mask ABŞ-da öz hasabyna üç sany ýolagçy tunelini gurar

Ilon Maskyň esaslandyran «The Boring Company» kompaniýasy ABŞ-da üç sany täze ýolagçy tuneliniň gurluşygyna başlaýandygyny yglan etdi. Bu taslamalaryň ählisi kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna doly......

04.02.2026 12:43
7.7k+

Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýuta dörediler

Truth Social sosial torunyň, Truth+ striming platformasynyň we Truth.F  finteh-brendiniň operatory bolan Trump Media and Technology Group (TMTG) kompaniýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adyny göterýän täze kriptowalýutany çykarar...

24.01.2026 15:31
3k+

TikTok-yň amerikan wersiýasy gutarnykly täze kompaniýanyň gözegçiligine geçdi

TikTok özüne ABŞ-da işlemegini dowam etdirmäge mümkinçilik berýän ylalaşygyň ýapylandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu onuň Amerikadaky işlerini Hytaýyň ByteDance kompaniýasyndan aýyrýandygyny aňladýar. TikTok-y gadagan etmek pikirini ilki Donald Tramp 2020-nji ýylda, birinji prezidentlik möhletinde öňe sürdi we başlangyç Jo Baýdeniň döwründe has-da güýçlendi...