Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

  • 24.05.2024 20:25
  • 6.1k+

24-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri Jamşid Kuçkarowy kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ösüş depginine eýedigi, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk pudaklarynda özara gatnaşyklaryň giňeldilýändigi nygtaldy.
Şunuň bilen birlikde, medeniýet, ylym, bilim ulgamlaryndaky däp bolan gatnaşyklar hem işjeň ösdürilýär, bu bolsa iki doganlyk halky mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmak, köpasyrlyk dostlugy we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak üçin özboluşly köpri bolup hyzmat edýär.
Duşuşygyň dowamynda  ýurdumyzda 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly” diýlip yglan edilendigi bellenildi. 
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, şanly sene mynasybetli ýakynda Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we şahyryň adyny göterýän täze medeni-seýilgäh toplumy açyldy we toplumda dürli ýurtlaryň meşhur nusgawy şahyrlarynyň heýkelleri ýerleşdirildi. Şolaryň hatarynda Alyşir Nowaýynyň hem heýkeli bar.
Myhman pursatdan peýdalanyp, Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny beýik türkmen şahyry hem-de Gündogaryň akyldary  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de Prezident Şawkat Mirziýoýewiň degişli Kararyna laýyklykda, Magtymgulynyň şanly ýubileýiniň Özbegistanda hem baýram edilýändigini aýtdy.


düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....