Toni Kroos Ýewro 2024-den soň karýerasyny tamamlar

  • 23.05.2024 14:15
  • 7.2k+

Madridiň "Realynyň" we Germaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Toni Kroos 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatyndan soň karýerasyny tamamlar. 34 ýaşly futbolçy bu kararyny sosial mediada yglan etdi.

Kroos: "Bu karar futbol karýeramyň şu tomus Ýewropa çempionatyndan soň gutarjakdygyny aňladýar" - diýip ýazdy.
“Hemişe aýdyşym ýaly, "Real" meniň iň soňky klubumdy we şeýle bolubam galar. Kararym üçin dogry wagty tapandygyma we özüm karar berendigime begenýärin hem buýsanýaryn. Maksadym, karýeramy elmydama mümkinçiliklerimiň iň ýokary derejesinde tamamlamakdy "-diýip goşdy.

Öz karýerasynda ýarymgoragçy, Çempionlar ligasynyň bäş ýeňşi bilen birlikde klub derejesinde 33 kubok gazandy. Germaniýa ýygyndysynyň düzümindekä, ol 2014-nji ýylda dünýä çempiony boldy. Kroos 2014-nji ýyldan başlap "Realda" oýnaýar. Madridden başga-da, "Bawariýa" we "Baýer" klublary üçin oýnady.
2024-nji ýyldaky Ýewropa çempionaty 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýanyň 10 şäherinde geçiriler. Toparlaýyn tapgyrynda Germaniýanyň ýygyndysy Şweýsariýa, Şotlandiýa we Wengriýa toparlary bilen oýnar.


şu gün 14:17
468

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

düýn 14:25
12k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 10:36
3.7k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

düýn 09:54
1.6k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....