“Çelsi” tälimçi Poçettino bilen şertnamany ýatyrdy. Ol “MÝ” ýolbaşçylyk edip biler

  • 22.05.2024 19:48
  • 8.4k+

Angliýanyň “Çelsi” futbol kluby toparyň baş tälimçisi Maurisio Poçettino bilen şertnamany ýatyrdy. Çözgüt ikitaraplaýyn ylalaşygyň esasynda kabul edildi diýip, futbol klubunyň metbugat gullugy habar berýär.

“Çelsiniň” eýelerine bu klubuň taryhynyň bir bölegi bolmak mümkinçiligi üçin minnetdar. Indi toparyň geljek ýyllarda Angliýanyň çempionatynda we Ýewropa ýaryşlarynda öňe gitmek üçin gowy mümkinçilikleri bar” – diýip, argentinaly türgen belledi.
KHBS Poçettinonyň “Mançester Ýunaýtede” ýolbaşçy bolup biljekdigini habar berýär.
Žurnalist Dewid Ornşteýniň maglumatlaryna görä, “MÝ” eýýäm öňden bäri Poçettinony göz öňünde tutýar we indi, ähtimal, 52 ýaşly tälimçini çagyrmak meselesine çynlakaý sereder. Toparyň häzirki halypasy – niderlandiýaly Erik ten Hagyň geljegi näbelli bolup galýar.
Ýatlap geçsek, Maurisio Poçettino “Çelsiniň” baş tälimçisi wezipesine 2023-nji ýylyň maý aýynda bellendi. Bu döwürde onuň ýolbaşçylygynda topar ähli ýaryşlarda 51 oýna gatnaşyp, 27 ýeňiş gazandy, 10 gezek deňme-deň oýnady we 14 gezek ýeňlişe sezewar boldy.
Angliýanyň premýer-ligasynyň häzirki möwsüminiň jemi boýunça “Çelsi” 63 utuk bilen altynjy orny eýeläp, 2024/25-möwsüminde Konferensiýalar ligasyna gatnaşmagyny üpjün etdi. Şeýle-de, londonlylar Angliýa ligasynyň Kubogynyň finalyna çykyp, “Liwerpuldan” goşmaça wagtdan soň 0:1 hasabynda utuldylar.


düýn 23:41
1.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......