Salwadorda wulkanyň kömegi bilen 31,8 million dollarlyk bitkoin gazanyldy

  • 22.05.2024 00:13
  • 20k+

Bitkoini kanuny töleg serişdesi hökmünde kabul eden ilkinji ýurt bolan Salwador wulkanlarynyň ýaşyl energiýasyny kriptowalýuta gazanmak üçin ulanýar. Üç ýylyň dowamynda ýurt 474 bitkoin gazandy, bu bolsa 31,8 million dollara barabardyr diýip, Interesting Engineering-e salgylanýan “Haýtek” ýazýar.

Bitkoin gazanmak üçin Tekapa stratowulkanyndaky geotermal elektrik stansiýasynyň öndürýän 102 MWt-yndan 1,5 MWt-y ulanylýar. Energiýa kriptowalýuta gazanmak üçin döredilen 300 prosessory işledýär.
Hökümetiň 2021-nji ýylda bitkoini kanunlaşdyrmak baradaky kararyna garaýyşlaryň dürli-dürli bolandygyny bellemelidiris. HPG ýurduň ykdysadyýetine bolup biljek töwekgelçilikler barada alada bildirdi we daşky gurşawy goraýjylar, bitkoini gazanmak we amallary goldamak parnik gazlarynyň ep-esli zyňylmagyna sebäp bolýan energiýa islegiň aşa artjakdygyny bellediler. Geotermal energiýanyň ulanylmagy Salwadoryň bu howatyrlanmalara beren jogaby ýaly bolup görünýär.
Gyzykly tarapy, bu ýurt ýaşaýjylaryň kriptowalýuta gazanjak şäheri bolan Bitkoin-Citi-ni gurmagy meýilleşdirýär. Salwadoryň 20 stratowulkany täze şäherçäni zerur energiýa bilen ýeterlik üpjün edip biler.


06.02.2026 09:27
2.4k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.1k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.8k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...