“Liwerpul” klubuň baş tälimçisi wezipesine Arne Sloty belledi

  • 21.05.2024 12:21
  • 8.9k+

Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby niderlandiýaly hünärmen Arne Slotuň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenendigini resmi taýdan yglan etdi. 45 ýaşly tälimçi Angliýada işlemäge ygtyýarnama alandan soň, 2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda klub bilen şertnama baglaşar diýip, klub habar berýär.

Slot bu wezipede 2023/24-möwsüminiň ahyrynda topary terk eden Ýurgen Kloppuň ornuna geçer.
Slot “Liwerpula” geçmezden öň 2021-nji ýylyň tomsundan bäri “Feýenoorda” ýolbaşçylyk etdi we topar bilen Niderlandlaryň çempionatynda (2022/23-möwsümi) we ýurduň Kubogynda (2023/24) ýeňiş gazandy, şeýle-de Konferensiýalar ligasynyň finalyna çykdy (2021/22).
Slotuň “Liwerpul” bilen şertnamasy 2027-nji ýyla çenli niýetlenýär. KHBS-iň maglumatlaryna görä, Mersisaýd kluby “Feýenoorda” şertnamany möhletinden ir ýatyrandygy üçin öwezini dolma görnüşinde 13-15 mln ýewro tölär.
Geçen möwsümde “Liwerpul” APL-de üçünji orny eýeledi.


düýn 14:25
9.9k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

düýn 09:54
1.4k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
15k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

17.06.2026 12:40
11k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....