FIFA tälimçilere oýnuň dowamynda iki gezek VAR-a ýüz tutmaga rugsat berer

  • 20.05.2024 22:07
  • 9.5k+

FIFA-nyň Prezidenti Janni Infantino eminlere wideokömek ulgamyny (VAR) ulanmagyň düzgünlerine giriziljek üýtgeşmeler barada habar berdi. Üýtgeşmelere laýyklykda, tälimçilere oýnuň dowamynda iki gezek jedelli ýagdaýlary gaýtalap görmegi soramaga hukuk berler diýip, Idman.Biz ýazýar.

Infantinonyň bellemegine görä, VAR-yň kameralaryň we eminleriň az sanyny talap edýän kämilleşdirilen tehnologiýasy ulgamy has elýeterli etmäge mümkinçilik berer.

«Tälimçiler iki gezek VAR-a ýüz tutup bilerler. Futbolçylar bu barada tälimçä ýüz tutup bilerler. Eger-de netijede eminiň ilki karary üýtgedilse, onda tälimçiler ýene-de iki gezek ýüz tutmak hukugyny alarlar" - diýip, Infantino Bangkokda FIFA-nyň 74-nji kongresinde aýtdy.

UEFA-nyň düzgünnamasyna laýyklykda, ýurtlar milli ýaryşlarynda VAR-y ulanmalydygy ýa-da ulanmaly däldigi barada özleri karar berýärler.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......