Repçi Dreýk Fýuriniň Usikden üstün çykmagyna bil baglap, 565 müň dollardan mahrum boldy

  • 20.05.2024 19:50
  • 15k+

Kanadaly repçi, bäş “Grammy” baýragynyň eýesi Dreýk britaniýaly Taýson Fýuriniň super agyr agramda boks boýunça absolýut dünýä çempiony ady üçin göreşde ukrainaly Aleksandr Usikden üstün çykmagyna bil baglap, 565 müň dollar ýitirdi. Bu barada Daily Mail habar berýär.

Söweşden öň Dreýk Instagram-da 1,77 koeffisiýentli goýumynyň ekran suratyny ýerleşdirdi. Fýuriniň ýeňiş gazanmagy oňa 1 mln dollardan gowrak girdeji getirmelidi. Ýöne Er-Riýaddaky söweş emin agzalarynyň tapawutly karary netijesinde ukrainalynyň ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Söweş 12 raund dowam etdi.
Kanadaly sazanda özüniň “näleti” bilen bellidir: onuň sport ýaryşlarynda “ýeňer” diýip ynam edýän topary we türgenleri yzygiderli şowsuzlyga uçraýar.
Diňe şu ýyl Dreýk UFC-niň çempiony Şon Striklendiň günorta afrikaly Drikus dýu Plessiden ýeňilmegi sebäpli 700 müň dollar we UFC-niň öňki çempiony Frensis Ngannunyň boks söweşinde Entoni Joşuadan ýeňilmegi sebäpli 600 müň dollar ýitirdi.
Şeýle-de, Dreýkiň “näletiniň pidalary” irlandiýaly Konor Makgregor (Habib Nurmagomedowdan ýeňildi), Kanadanyň futbol ýygyndysy (Katardaky dünýä çempionatyndan birje ýeňiş gazanmazdan çykdy), “Formula-1-iň” sürüjisi Şarl Lekler (ýaryşda öňde barýarka, hereketlendirijisi döwüldi), tennisçi Serena Uilýams (Dreýkiň gatnaşan US Open-iň ýarym finalynda ýeňlip, bir ýylda dört “Uly tuwulga” ýaryşynyň ählisinde utup bilmedi) boldy.


düýn 16:21
5.9k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

18.05.2026 13:53
2.2k+

Saul Alwares WBC-niň çempiony tituly ugrunda Kristian Mbilli bilen urşar

Ikinji orta agram derejesinde boks boýunça öňki absolýut dünýä çempiony meksikaly Saul Alwares 76,2 kg çenli agram derejesinde WBC-niň dünýä çempiony tituly ugrunda asly kamerunly fransuz boksçysy Kristian......

17.05.2026 09:52
9.5k+

Nemes boksçysy garşydaşyny birnäçe sekuntda bir urgy bilen nokauta ugratdy

Nemes boksçysy Wiktor Ýurk professional boks taryhynda iň çalt nokautlaryň birini amala aşyrdy....

08.05.2026 10:25
5.3k+

Inoue agram derejesine garamazdan dünýäniň iň gowy boksçylarynyň reýtinginde Usikden geçdi

ESPN amerikan sport portaly, agram derejesine garamazdan (PFP — pound-for-pound) dünýäniň iň gowy boksçylarynyň täzelenen reýtingini çap etdi....