Norwegiýada elektrik toguny talap etmeýän assimmetrik gökdirän bina guruldy

  • 20.05.2024 14:28
  • 12k+

Norwegiýada özboluşly belent binanyň gurluşygy tamamlandy, onuň içinde amatly temperaturany saklamak üçin elektrik togy ulanylmaýar diýip, New Atlas ýazýar.

 

Snøhetta binagärlik býurosy tarapyndan taslamalaşdyrylan, Vertikal Nydalen diýlip atlandyrylýan bina assimetrik görnüşe eýe we iki sany özara birleşdirilen diňden ybarat. Bu dizaýn goňşy jaýlaryň ýaşaýjylary üçin görnüşiň saklanmagyna mümkinçilik berýär we binanyň golaýyndaky ýere Gün şöhlesiniň düşmegini üpjün edýär.
Binanyň daşky görnüşi wagtyň geçmegi bilen reňkini goňurdan çal reňke öwürjek sosnadan ýasalan. Öňe çykyp duran polat balkonlary ýyly agaç bilen kontrastlaşýar. Binanyň içinde birinji gatda restoranlar, onuň  ýokarsynda ofis jaýlary we ondan ýokarky gatlarda bolsa 40 öý bar.

 

Vertikal Nydaleniň energiýa netijeliliginiň syry - geotermiki energiýany, tebigy howa çalşygyny we Gün panellerini ulanýan “üç nolly çözgüt” ulgamynda. Çuň guýular möwsüme baglylykda binany ýyladylyşyny ýa-da sowadylyşyny üpjün edýär. Üçekdäki Gün panelleri ýylylyk nasosy üçin elektrik energiýasyny öndürýär, binanyň hemme ýerinde goýlan uly penjireler bolsa tebigy yşygyň düşmegini  aňrybaş üpjün edýär.

Howa kanally we ýelejiredijili adaty howa çalşygy ulgamynyň ýerine Vertikal Nydalen arassa howany üpjün etmek üçin awtomatiki açylýan uly ýelejirediş deşiklerini ulanýar. Binanyň eňňit diwarlary hem howa aýlanyşygyny gowulandyrmaga niýetlenendir.
Bina energiýa sarp edilişine gözegçilik edýän datçikler bilen enjamlaşdyrylyp, ony optimizirlemäge kömek edýär.
Ofis jaýlarynda binanyň rahatlygy we netijeliligi barada seslenmeleri galdyrmak üçin stollarda smartfon bilen skanirläp bolýan QR-kodlar bar.


14.06.2026 22:32
4.3k+

Norwegiýada gämiler üçin dünýäde ilkinji geçelge gurlar: ol dag toplumynyň içinden geçer

Norwegiýanyň häkimiýetleri dünýäde ilkinji ýörite deňiz gämileri üçin niýetlenen, dag toplumynyň içinden geçjek tuneliň gurluşyk meýilnamasyny tassykladylar. «Stad Ship Tunnel» taslamasy gämilere ýurduň......

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

15.05.2026 11:33
3.4k+

Norwegiýanyň gündogaryndaky bir meýdanda 3000-den gowrak wikingler döwrüne degişli kümüş teňňe tapyldy

Gündogar Norwegiýada geçen aý ýurduň wikingler döwrüne degişli kümüş teňňeleriniň iň uly hazynasy tapyldy — aýyň ahyryna çenli arheologlar XI asyra degişli 3000-den gowrak nusgany tapdylar....

13.05.2026 12:33
8.5k+

Norwegiýada alty ýaşly oglanjyk wikingleriň 1300 ýyllyk gylyjyny tapdy

Norwegiýaly alty ýaşly mekdep okuwçysy synpdaşlary bilen gezelenç wagty, takmynan, 1300 ýyl bäri ýeriň astynda ýatan wikingler döwrüne degişli gadymy gylyjy tapdy....