Twitter doly gitdi: X sosial ulgamy adyny üýtgedenden tas bir ýyl soň domenini çalyşdy

  • 19.05.2024 12:43
  • 4.6k+

X (Twitter) sosial ulgamy domenini x.com diýip üýtgetdi. Bu barada sosial ulgamyň eýesi Ilon Mask habar berdi diýip, RBK ýazýar.

“Indi ähli esasy ulagmlar – x.com-da” – diýip, Mask X mikroblogunda belledi. Bu mundan beýläk “Twittere” ähli salgylanmalaryň awtomatik taýdan täze URL-salgysyna gönükdiriljekdigini aňladýar. Domen sosial ulgamyň ady üýtgedilenden tas bir ýyl soň üýtgedildi.

Mask Twitter kompaniýasyny 2022-nji ýylyň güýzünde satyn aldy. Şertnama telekeçä 44 mlrd dollara düşdi. 
Mask hyzmatyň işine birnäçe üýtgeşme girizdi. Aýratynam, 2023-nji ýylyň iýul aýynda ol sosial ulgamyň adynyň “X-e” üýtgedilýändigini aýtdy. Şeýle-de, ol logotipi üýtgedip, belli bolan gök “guşjagazy” aýyrdy.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

01.04.2026 15:29
916

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...