Ginnesiň rekordy: 99 ýaşly stomatolog adamlara ýylgyryş paýlamagy dowam edýär

  • 18.05.2024 15:58
  • 13k+

Ýaponiýadan Esuro Watanabe Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäde erkekleriň arasynda iň garry stomatolog hökmünde ykrar edildi. 2024-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda ol 100 ýaşyny doldurar.

Watanabe Ýamanasi prefekturasyndaky Osino obasynda dünýä indi. 15 ýaşynda stomatolog okuwçysy bolmak we gijeki mekdepde okamak üçin Tokio göçdi.

“Haçan-da men ýanyma gelýän adamlary şadyýan görenimde, men möhüm bir zat edýändigime düşünýärin. Men güýjüm barka, mundan beýläk hem jemgyýete öz goşandymy goşmak isleýärin” – diýip, lukman Watanabe belleýär.

Watanabe Ikinji jahan urşundan soň diş tehnigi bolýar, 1947-nji ýylda bolsa kolleje okuwa girip, 4 ýyldan stomatolog diplomyny alýar. Ol birnäçe wagtlap beýleki diş lukmanlary bilen işleýär, soň Osino gaýdyp gelip, hususy tejribesine başlaýar. Onuň klinikasy obada ýeke-täk klinikady.
Geçmişde Watanabe diş meseleleri bolan adamlar üçin protezleri taýýarlapdy. Onuň ýakynlary Watanabeniň gijä çenli nähili işländigini ýatlaýarlar.
Häzir Watanabeniň klinikasy hepdede 5 gün işleýär, ýöne 92 ýaşyndan bäri ol adamlary diňe irden kabul edýär.
Watanabeniň bäş gyzy, sekiz agtygy we dört çowlugy bar. Ol boş wagtlary mellekde işlemegi gowy görýär hem çernika, noýba we pomidor ösdürip ýetişdirýär.


24.06.2026 09:29
4k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:13
5.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....